Soňky habarlar

Arhiw

Şomurodowyň goly ýeňşe ýeterlik bolmady

16:5701.12.2020
0
1437

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da 9-njy tapgyryň jemleýji oýnunda “Jenoa” bilen “Parma” duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda myhmanlar 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýeňiş gazanan toparyň 2 goluny hem 10-njy we 47-nji minutlarda Žerwinio derwezä girizdi. Oýnuň 50-nji minutynda tapawutlanan özbegistanly Eldor Şomurodowyň goly ýer eýelerine ýeňiş üçin ýeterlik bolmady. Bu onuň italýan klubundaky ilkinji goly boldy. Kubok ýaryşyndaky oýunda-da asist eden Şomurodowy “Jenoa” topary sentýabr aýynda “Rostowdan” 7,5 million ýewro transfer edipdi. Şomurodow “Jenoanyň” düzüminde 4 duşuşyk geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň