Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

23:3730.11.2020
0
6951

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.

Onuň gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meseleler girizildi.
Maslahatyň barşynda Aşgabat şäheriniň häkimi häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäher düzümlerini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, sowuk howanyň aralaşmagy bilen ýyladyş ulgamynyň degişli ulanyş ýagdaýyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Diýarymyzyň baş şäherinde bina edilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginleri hakynda habar berildi.
Soňra welaýat häkimleri sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galan pagta hasylyny ýygnamak, güýzlük ak ekinlere ideg etmek boýunça ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işler, ýerleri we tehnikany nobatdaky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdiler.
Şunuň bilen birlikde, ilaty ýylylyk, gaz we elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen welaýatlaryň durmuş düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň meselelerini çözmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş maksatly binalaryň ýylylyk bilen üpjünçiligi hem-de sebitiň durmuş ulgamyna degişli düzümleriň sazlaşykly hereketi, Täze ýyl baýramyna taýýarlyk babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Desgalaryň gurluşyklaryny, şol sanda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryň gurluşygynyň öz wagtynda tamamlanmagy babatda anyk görkezmeler berildi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, sowuk howanyň aralaşmagy bilen möwsümleýin keselleriň öňüni almak, raýatlarymyzyň kesele durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça ilatyň arasynda giňişleýin düşündiriş hem-de wagyz-nesihat işleriniň yzygiderli geçirilmelidigini belledi.
Adam bedeniniň gyş möwsümine öz wagtynda uýgunlaşmagy üçin toplumlaýyn öňüni alyş çäreleri berjaý edilmelidir, mahlasy, sagdyn durmuş ýörelgelerini alyp barmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu babatda tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň