Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda syýahatçylygyň döwrebap usullaryna bagyşlanan onlaýn maslahat geçirildi

21:0230.11.2020
0
9199

2008-nji ýyldaky milli hasaplar ulgamynda syýahatçylyk hemra hasabyny düzmeklik boýunça tegelek stol, Birleşen milletler guramasynyň ösüş maksatnamasy bilen Türkmenistan Döwlet statistika komiteti tarapyndan bilelikdäki  «Milli hasaplar üçin institusional we statistik mümkinçilikleri güýçlendirmek» taslamanyň çäginde onlaýn ýagdaýda geçirildi. Bu barada Birleşen milletler guramasynyň ösüş maksatnamasynyň metbugat beýanynda habar berildi.

Syýahatçylyk hemra hasaby, syýahatçylyk bilen baglanyşykly harytlara we hyzmatlara bolan islegiň ähli taraplaryny seljermäge, şeýle harytlaryň we hyzmatlaryň üpjünçiligi bilen amaly täsirini synlamaga we bu üpjünçiligiň beýleki ykdysady işler bilen özara täsirini beýan etmäge mümkinçilik berýän möhüm guraldyr. Bu hasap  köp ýurtda durmuşa geçirilýär. Ösen syýahatçylyk pudagy bolan ýurtlar babatynda bu hasap durmuşa geçirmek üçin hökmanydyr.

Bu ýygnak, 2008-nji ýyldaky Milli hasaplar ulgamyna laýyklykda syýahatçylyk hemra hasabyny düzmegiň usulyýetiniň taslamasyny hödürlemegi maksat edinýär.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň arasynda  Türkmenistan Döwlet statistika komitetiniň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň, Merkezi bankyň, Döwlet gümrük gullugynyň, Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugynyň we «Türkmenhowaýollary» agentliginiň wekilleri bar.  

Halkara bilermen Piter Hakl:

«Türkmenistanyň syýahatçylyk hemra hasabyny girizmek niýeti, umuman, syýahatçylyk statistikasynyň bukjasynyň giňelmegine we syýahatçylyk statistikasynyň milli hasaplar ulgamy bilen güýçli birleşmegine getirer.» – diýip belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň