Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2020: ertir ýarym finalyň ilkinji duşuşyklary geçiriler

17:1430.11.2020
0
3871

Ertir ― 1-nji fewralda  futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym finalynyň birinji duşuşyklary geçiriler. Duşuşyklaryň ikisi hem «Aşgabat» stadionynyň merkezi meýdanynda bolar.

Gündiz sagat 14:30-da «Ahal» bilen «Altyn asyr» duşuşar. Çempionatyň ilkinji iki ornuny eýelän toparlaryň arasyndaky duşuşygyň baş emini Resul Mämmedow bolar. Oňa Pälwan Pälwanow bilen Eziz Annamyradow ýardam berer. Jumamyrat Jumamyradow bolsa duşuşygyň ätiýaçdaky emini bolar.

«Köpetdag» bilen «Şagadamyň» arasyndaky duşuşyk hem şu stadionda geçiriler. Begenç Allaberdiýewiň baş eminlik etjek duşuşygy öýlän sagat 17:30-da başalanar. Aşgabadyň ajaýyp agşamyna futbol şowhunyny bagyşlajak duşuşykda baş emine Ahmet Begnazarow bilen B.Atdyýew ýardam berer.

Türkmenistanyň çempionaty «Altyn asyryň» çempionlygy, «Ahalyň» kümüş medaly eýelemegi bilen tamamlandy. Ozal hem aýdyşymyz ýaly, çempion eýýäm AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ýerini berkitdi. Yklymyň ikinji derejeli ýaryşynyň ― AFK-nyň kubogynyň toparçalaryna goşulmak üçin «Ahala» ilki finala çykmak, soňra-da Kubogy gazanmak gerek.

«Köpetdag» bilen «Şagadamyň» arasyndaky duşuşyk  hem ünsi özüne çekýär. Çempionaty üçünji orunda tamamlan «Şagadam» indiki ýyl yklym ýaryşlaryna bir ädim hem bolsa ýakyn geldi. Ýakynda AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ygtyýarnamasyny geçen «Köpetdag» bolsa iň bolmanda AFK-nyň kubogyna gatnaşmak üçin bu ýaryşa uly üns bermeli we bar güýji bilen göreşmeli bolar. Bu jübütleriň arasyndan finala çykyp bilen toparda yklym ýaryşyna bolan ynam güýçlener.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň