Soňky habarlar

Arhiw

«Rossotrudniçestwo»-nyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilim işgärleriniň halkara forumyna gatnaşmaga çagyrýar

16:3130.11.2020
0
9732

«Rossotrudniçestwo»-nyň  Türkmenistandaky wekilhanasy sizi «Rus dilini öwretmek we rus dilinde okatmak: açyk bilimde täze ölçegler» atly bilim işgärleriniň halkara forumyna gatnaşmaga çagyrýar.

Forum, rus dilinde açyk bilimiň täze derwaýys usullaryny ornaşdyrmaklyga we synagdan geçirmeklige, doly aralyk bilim ulgamynyň ösüş şertlerinde degişli innowasion usulyýeti bilen rus dilini öwretmeklige, rus dilinde dürli aralyk okuwyny üznüksiz guramaklyga we daşary ýurtlarda rus dilini okatmaklyk üçin bilim gurşawyny döretmeklige gönükdirilendir. 

Foruma gatnaşyjylar:

  • daşary ýurt dili hökmünde rus dilini öwredýän mugallymlar;
  • daşary ýurt dili hökmünde rus dili öwredilýän daşary ýurt mekdeplerinde rus dilinde umumy bilim dersleriniň mugallymlary;
  • mugallymçylyk uniwersitetleriň talyplary;
  • rus dilini öwrenýän mekdep okuwçylary, şeýle hem olaryň ene-atalary;
  • synp mugallymlary we okuw jaýlarynda bilim işleri boýunça hünärmenler.

Forum maksatnamasy:

  • "Rus dilinde okatmagyň möhüm meseleleri" atly ylmy-amaly konferensiýa;
  • Russiýanyň mugallymçylygy, adaty senetleri we gündelik medeniýeti boýunça ussatlyk sapaklary –  Russiýada häzirki zaman jemgyýetiniň wekillerinden onlaýn seminarlar;
  • Rus medeniýeti boýunça onlaýn kursyň tanyşdyrylyşy. Bu – köp sanly tomaşaçylar üçin medeni  we edebi gözlegleriň tapgyrydyr.
  • «Ýaşaýyş kitaphanasy» («Живая библиотека») – onlaýn söhbetdeşlik kluby bolup, esasy çykyş etjekleri döredijilik işgärleri bolar.

Çäräni Russiýa Federasiýasynyň Bilim ministrligi we N.I.Lobaçewskiý adyndaky Nižegorod döwlet uniwersiteti guraýar.

Forum 11-nji dekabrda onlaýn ýagdaýda geçiriler.

Forum barada şu salgydan has giňişleýin maglumat alyp bilersiňiz

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň