Soňky habarlar

Arhiw

Messi we Ronaldodan soň, 3-nji orunda barýar

16:1030.11.2020
0
1072

Angliýanyň çempionatynda “Mançester Ýunaýted” garşydaşy “Southemptonyň” 1-nji ýarymda 2-0 öňe saýlanandygyna garamazdan 2-nji ýarymda 3 gol geçirip, ýeňşini baýram etdi. Oýna 2-nji ýarymyň başynda giren Edinson Kawani 2 gol geçirip, beýleki goluň hem pasyny berdi. Duşuşygyň gahrymany saýlanan urugwaýly hüjümçiniň Ýewropanyň TOP – 5 çempionatynda geçiren gollarynyň sany 253-e ýetdi. Ol häzirki wagtda Messi (435) we Ronaldodan (421) soň, Ýewropanyň Top – 5 ligasynda 3-nji orunda barýar. 4-nji basgançakdaky Ibrahimowiç hem 253 gol geçirdi.

Şeýle-de “Mançester Ýunaýted” “Premier Ligada” myhmançylykda bassyr 8 oýundan bäri ýeňiş gazanyp gelýär.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň