Dünýäniň wise-çempiony Ýulduz Jumabaýewa Türkmenistanyň çempionatynda kynlyk bilen altyn medal gazandy

16:1128.11.2020
0
1412

Dünýä çempionaty ― 2018-iň kümüş medalynyň eýesi Ýulduz Jumabaýewa nobatdaky üstünligi agyr atletika boýunça Türkmenistanyň açyk çempionatynda gazandy. 49 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden 22 ýaşly türgen ştangany götermegiň iki görnüşiniň jemi boýunça 156 kilogramlyk netije görkezip, altyn medala mynasyp boldy.

Has takygy, ol silterläp götermekde 65, itekläp götermekde 91 kilogramlyk netije görkezdi.

25 ýaşly Bägül Berdiýewa silterlemekde Ýulduz Jumabaýewadan 5 kilogram ýokary netije görkezen hem bolsa, iteklemekde 85 kilogram agyrlyga eýgerip, çempionlyk ugrundaky esasy bäsdeşinden iki görnüşiň jemi boýunça bary-ýogy 1 kilogramlyk tapawut bilen yza galdy.

Ilkinji üçlüge iki görnüşiň jemi boýunça 120 kilogramlyk netije görkezen Muhabbat Jafarowa-da goşuldy. Ýeri gelende aýtsak, 49 kilograma çenli agram derejesinde bäş türgen ýaryşdy. 16 ýaşly Çeper Çaryýewa 88 kilogram bilen dördünji, 17 ýaşly türgen Aýläle Sähedowa bolsa 78 kilogramlyk netije bilen bäşinji orny eýeledi.

Ýulduz Jumabaýewanyň şu ýyl VI Halkara raýdaşlyk oýunlarynda kümüş medala mynasyp bolandygyny hem ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň