Soňky habarlar

Arhiw

Eýranda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

15:3128.11.2020
0
4223

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Hemişelik wekilleriniň geňeşiniň 247-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli çäreler gurnaldy.

Çärelere YHG-nyň ýolbaşçy düzümi we Sekretariaty, Gurama agza ýurtlaryň EYR-daky Ilçileri we beýleki diplomatlar gatnaşdy.

Hususan-da, Türkmenistanda öndürilýän dokma we azyk önümleriniň, şeýle-de milli öwüşginli suratlaryň we başga önümleriň sergisi geçirildi. Mundan başga-da, sergide Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary hem görkezildi.

Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň EYR-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi türkmen Bitaraplygynyň taryhy, onuň sebitde parahatçylygy berkitmekdäki orny, milli baýramçylyk mynasybetli geçirilýän çäreler barada çykyş etdi.

Şeýle hem Guramanyň Baş sekretary Hadi Soleýmanpuryň we Hemişelik wekilleriniň geňeşine başlyklyk edýän Türkiýe Respublikasynyň EYR-daky Ilçisi Derýa Orsuň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli gutlag çykyşlary beýan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň