Russiýa «Sputnik V» sanjymynyň önümçilik gerimini giňeltmeklik babatynda Fransiýa bilen gepleşiklere başlady

12:5428.11.2020
0
1332

Russiýanyň «Sputnik V» atly koronawirus sanjymynyň maliýeleşdirijisi bolan Russiýanyň  maýa goýum gaznasy sanjym öndürmeklikde hyzmatdaşlyk etmek üçin Fransiýa bilen gepleşiklere başlady.

Russiýanyň maýa goýum gaznasy bilen koronawirus sanjymlarynyň üstünde işlemeklik üçin döredilen fransuz ylmy komitetiniň gepleşikleriniň esasy mowzugy sanjym öndürmeklikde we köpçülikleýin sanjymlary ulanmaklykda özara hyzmatdaşlygy ýola goýmaklyk meselesi boldy.

«Sputnik V» sanjymynyň twitter sahypasynda  ýerleşdirilen beýanynda: «Russiýa we Fransiýa tutuş Ýewropa döwletleri bilen bilelikde «COVID-19» ýokanç keseline garşy göreşmelidir.»  –  diýilýär.

Russiýanyň  maýa goýum gaznasy Wengriýa, Hindistan, Günorta Koreýa, Braziliýa we Hytaý bilen şu wagta çenli maliýeleşdirýän «Sputnik V» sanjymy üçin şertnamalara gol çekdi. Bu tutumly işi häzirki wagtda Fransiýä bilen hem alyp barmaklyk barada ylalaşyk gazanyldy.

Russiýanyň maýa goýum gaznasynyň işgärleri 50-den gowrak ýurtdan 1,2 milliard doza sanjym üçin sargyt alandyklaryny aýdýarlar. «Sputnik V» sanjymynyň kliniki synaglary wagtynda sanjymyň 42-nji gününde azyndan 95 göterim täsir edendigi anyklandy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň