Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Belarusyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

23:5127.11.2020
0
3533

27-nji noýabrda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew, belarus tarapyny bolsa, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary A.E.Gurýanow ýolbaşçylyk etdiler.
Daşary syýasy edaralaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini belläp, diplomatlar Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky bar bolan Meýilnamanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdiler hem-de 2021-2022-nji ýyllar üçin geljekki Meýilnamana barada pikir alyşdylar.
Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýady bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, ony kämilleşdirmek barada pikir alyşdylar.
Söwda-ykdysady gatnaşyklara, şol sanda söwda dolanyşygynyň mümkinçiliklerini artdyrmaklyga içgin seredildi. Taraplar Türkmenistan bilen Belarusyň işewürler toparlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny artdyrmak barada gepleşdiler.
Taraplar medeni we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Saglygy goraýyş, bilim, ylym ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bellenildi. Medeni we ylmy giňişlikde tejribeleri paýlaşmaklygy gurnamaklyga ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň