Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň käbir gazet-žurnallarynyň düzümi kämilleşdiriler

22:5627.11.2020
0
2085

Ministrler Kabinetiniň penşenbe güni geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlsiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän çäreler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça taýýarlanan Türkmenistanda 2020-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine we guramaçylyk düzümlerine täze usullar we döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Sanly tehnologiýalary işjeňleşdirmegiň çäklerinde döredijilik we önümçilik düzümleriniň arasynda içerki ulgam hereket edýär. Gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalary tehniki önümçilik bilen özara gatnaşyklary ösdürýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna birnäçe gazetleriň we žurnallaryň düzümini kämilleşdirmek boýunça teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezident hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ýeten derejesini, içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny giňden wagyz etmek, taryhy ähmiýetli wakalary beýan etmek meseleleriniň ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serideleriniň öňünde durýan wajyp wezipelerdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwürleýin neşirleri elektron görnüşe we Internet ulgama geçirmek ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanlylaşdyrmagyň esasy ugurlarynyň biridir. Onuň baş maksady neşirleri häzirki zaman ölçegleriniň derejesine çykarmakdan ybaratdyr.

Milli Lider dünýäniň ösen tejribesini öwrenmegiň we özleşdirmegiň, täze media-tehnologiýalary işjeň ulanmak, bilelikdäki maglumat taslamalaryny taýýarlamgyň, ýurdumyzyň žurnalistleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutany gazetleriň we žurnallaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen hödürlenen teklipleri makullap, elektron ulgama geçmek işini çaltlandyrmagy tabşyrdy. Hormatly Prezident munuň ýurduň durmuşy, ýeten derejesi bilen halkara jemgyýetçiliginiň içgin tanyşmagyna mümkinçilik berjekdigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň