Soňky habarlar

Arhiw

«Facebook» şereketi «Libra» taslamasyny 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda işe girizmegi meýilleşdirýär

16:5227.11.2020
0
780

«Facebook» şereketi indiki ýylyň birinji aýynda özüniň kripto walýuta taslamasyny durmuşa geçirip başlaýar. «Financial Times» tarapyndan berlen maglumata görä, bu kompaniýa «Libra» atly kripto pul taslamasyny 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga taýýarlamagy meýilleşdirýär. 

«Financial Times» şu gün neşir eden habarynda «Facebook» şereketi tarapyndan çykaryljak, köpden bäri garaşylýan kripto walýuta barada has giňişleýin maglumat berdi. «Facebook» kompaniýasynyň «Libra» taslamasy «stablecoin» hökmünde işe giriziler. Diňe dollara berilmegine garaşylýan «Libra»  2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanyjylar üçin elýeterli bolar.

Iň uly «sabitcoin» kompaniýasy bolan «Tether» , «USDT»  atly kripto walýutasyny dollar bilen deňeçer 1: 1 derejesinde kesgitledi. «Facebook» şereketi bolsa öz döreden kripto pul taslamasynda başga bir ýoldan gitmegi we bu kesgitlenen puluň dürli dürli walýutalara berilmegini meýilleşdirýärdi. Ýöne, «CoinDesk» tarapyndan berlen maglumata görä, kompaniýa bu ägirt uly meýilnamadan ýüz öwürdi wae «Libra» taslamasyny diňe dollar bilen amala aşyrmaklyk kararyna geldi. 

2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga taýyn boljak «Libra» taslamasy Şweýsariýadaky maliýe düzgünleşdirijisiniň tassyklamagyna hödürlener. Bu iş kanunalaýyk, hiç hili kynçylyksyz tamamlansa, «Facebook» şereketi «Libra» taslamasyny wagtyň geçmegi bilen diwersifikasiýa edip başlar.

Geçen ýylyň tomsunda «Facebook» şereketi tarapyndan hödürlenen «Libra» taslamasy häzirki wagtda 27 sany dürli kompaniýaar bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülýär. Olaryň arasynda «Uber», «Spotify», «Andreessen» «Horowitz» ýaly ägirtler bar.

«Libra» diýen sözüň terjimesi türkmen dilinde «terezi» diýen manyny berýär. Rimde bolsa ulanylýan agram birligini aňladýar. «Facebook» şereketi «Libra» atly kripto pul birliginiň global walýuta we maliýe infrastrukturasy ulgamy boljakdygyny öňe sürýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň