Soňky habarlar

Arhiw

Müsürde döredilen «Cira 3» roboty «COVID-19»-a garşy aýgytly göreş üçin niýetlenildi

15:5027.11.2020
0
1396

Müsüriň paýtagty Kairde ýerli hünärmen Mahmud el-Komy tarapyndan döredilen  «Cira 3» diýlip atlandyrylan  robot  «COVID-19» ýokanç keseline garşy aýgytly göreş üçin oýlanyp tapylan, diýseň oňyn çözgütdir. Bu robot koronawirusa ýolugan diýlip güman edilen adamlaryň, bu kesele ýolugyp-ýolukmandygyny anyk barlap bilýär, näsaglaryň gyzgynyny takyk ölçäp bilýär, hat-da adamlar agyz-burun örtügini geýmese duýduryş berip bilýär.

«Cira 3» robotynyň oýlap tapyjysy Mahmud el-Komy: «Men roboty dizaýn edenimde, robotyň adama meňzemegini isledim. Çünki, men  «COVID-19»  ýokanç keseline ýolugan adamlaryň  guty ýaly enjam bilen ýüzbe-ýüz bolmagyny islemeýärdim» – diýip belleýär.

«Cira 3» robotynyň edip bilýän işi gyzzyrmany ölçemeklik we  agyz-burun örtügini geýmekligi duýduryş bermeklik bilen çäklenmeýär. Bu robot gan barlagyny hem geçirip bilýär, hat-da ekokardiogramma bilen rentgene-de alyp bilýär. Alan rentgenleriniň netijesini bolsa döşündäki ekranda görkezýär.

«Cira 3» robotynyň işjeň hyzmatyndan ilkinji bolup peýdalanan hususy  hassahananyň eýesi Abu Bakr El-Mihi: «Näsaglaryň oňyn reaksiýalary bar. Roboty görýärler we gorkmaýarlar. Munuň tersine, robotyň adamlara garanyňda has takyk barlaglary geçirip biljekdigine örän içgin ynanýarlar.» – diýip belledi. Şeýle hem ol, bu roboty «COVID-19» bar diýlip güman edilen adamlaryň  gyzgyny ölçemeklik üçin ulanandyklaryny we onuň kömegi bilen saglygy goraýyş işgärleriniň töwekgelçiligini azaldandyklaryny aýtdy.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň