Russiýa suwuklandyrylan tebigy gazy Hytaýa eksport edýän ýurtlaryň sanawynda ikinji orna geçdi

11:3526.11.2020
0
1343

Hytaýyň gümrük statistikasyna görä, sentýabr aýynda suwuklandyrylan tebigy gazyň  Russiýadan Hytaýa eksporty 899 million kub metr bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iki esse köpdür.

Russiýa sentýabr aýynda Hytaýa iberilýän suwuklandyrylan tebigy gazyň sanawynda diňe Awstraliýadan soň ikinji ýeri eýeledi. Russiýa awgust aýynda Awstraliýadan, Katardan, Indoneziýadan we Malaýziýadan soň bäşinji orny eýeläpdi.

Bu aralykda, ABŞ-nyň Hytaýa suwuklandyrylan tebigy gazynyň eksportyny awgust aýyndaky 345 million kub metrden sentýabr aýynda 373 milliona çenli artdyrandygy bellärliklidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň