Soňky habarlar

Arhiw

Erling Holland rekorddan doýanok

19:0425.11.2020
0
732
Erling Holland rekorddan doýanok

UEFA Çempionlar ligasynda “F” toparçada “Klub Brýuggeniň” derwezesinden 2 gol geçiren Borussiýa Dortmundyň norwegiýaly ýyldyzy Erling Holland taryhy rekord goýdy. Ol Çempionlar ligasynda 15-nji hem-de 16-njy gollaryny geçirdi. Ol 15 gola 12 oýunda ýetmegi başardy. Şeýlelikde, Holland iň tiz wagtda 15 gol geçiren oýunçy bolup, bu ugurda rekordyň täze eýesi boldy. Ol mundan öňki rekorddan 7 oýun öňde barýar. Ruud Wan Nistelrooý, Roberto Soldado 19 oýunda, Harri Keýn 20, Robert Lewandowski 25 oýunda 15 gola ýetipdi. Çempionlar ligasynyň iň netijeli 2 futbolçysy Kristiano Ronaldo 51, Lionel Messä bolsa 29 oýunda bu görkezijä ýetmek başardypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň