Soňky habarlar

Arhiw

“Tesla Semi”: bir gezekki zarýady bilen 1000 km

19:0225.11.2020
0
1460

Ilon Maskyň ýolbaşçylyk edýän “Tesla” kompaniýasy “Tesla Semi” atly elektrik energiýasy bilen işleýän ýük ulagyny işläp taýýarlaýar. Häzirki wagtda ýollarda synag sürüşleri geçirilýän innowatiw ulaga isleg bildirýänleriň sany az däl. Ulagyň bir gezekki zarýady bilen 800 km ýol geçjekdigi bellenilýär. Ilon Mask geljekde bu görkezijiniň 1 000 km boljakdygyny belleýär. Häzirki wagtda batareýalaryny başga firmalardan satyn alýan kompaniýa öz batareýalaryny hem kämilleşdirýär. Ulag ýüksüz wagty 0-100 km/sagat tizlige bary-ýogy 5 sekuntda ýetýär. Ulagyň golaý geljekde köpçülikleýin önümçiligine başlanar. Ulag awtomatlaşdyrylan sürüş ulgamy hem-de ýangyjy tygşytlamagy bilen tapawutlanýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň