Soňky habarlar

Arhiw

«Huawei» elektrikli awtoulag bazaryna girýär

18:0825.11.2020
0
1379

Hytaýda äpet litiý batareýalaryny öndürýän häzirki zaman «Amperex Technology» («CATL») we «Changan Automobile» kompaniýalary «Huawei»  şereketi bilen täze akylly awtoulag markasyny döretmeklik üçin birleşdiler.

«20minutes.fr»-iň habaryna görä, bu üç kompaniýanyň «Elektrikli akylly ulag markasy» diýlip kesgitlenen ulagy döretmeklik meýli, olaryň Hytaýyň döwlet telewideniýesine beren beýanlary bilen gutarnykly boldy. Beýanda  täze tehnologiýa bilen 5 ýylyň içinde 23 sany elektrik önüminiň we 105 sany modeliň bazara çykaryljakdygy mälim edildi. Bu tehnologiýanyň «Changan Automobile Research & Development 4.0» tarapyndan işlenip düzülendigi mälim edildi.

Hytaýda ägirt litiý batareýalaryny öndürýän häzirki zaman «Amperex Technology» («CATL») we «Changan Automobile» kompaniýalary «Huawei»  şereketi bilen bilelikde akylly awtoulagdan başga-da «akylly durmuş» we «akylly energiýa» ulgamyny döretmeklik isleýändiklerini mälim etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň