Soňky habarlar

Arhiw

Bütindünýä möçberinde Owganystana berilýän haýyr-sahawat kömegi 12 milliard dollar bolar

17:5025.11.2020
0
1446

Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewa şäherindäki baş edarasynda  BMG, Owganystan we Finlýandiýa tarapyndan düýn başlanan «Owganystan – 2020»  halkara konferensiýasy tamamlandy. Bu konferensiýa  dünýä ýurtlarynyň birnäçesi sanly ulgamyň wideo aragatnaşyk hyzmatyndan peýdalanyp, onlaýn görnüşinde gatnaşdylar.

«Owganystan – 2020» halkara konferensiýasyna gatnaşan ýurtlar Owganystana  haýyr-sahawat kömegi hökmünde  geljek 4 ýylyň içinde  12 milliard dollar berjekdiklerini aýtdylar.

Finlýandiýanyň Ösüş hyzmatdaşlygy we daşary söwda ministri Wille Skinnari, maslahata gatnaşyjylaryň Owganystana indiki ýyl 3 milliard dollar kömek etjekdigini habar berdi. Ministr Skinnari Owganystana ýyllyk haýyr-sahawat kömekleriniň 2024-nji ýylyň ahyryna çenli 12 milliard dollara barjakdygyny hem mälim etdi.

Maslahata gatnaşan ýurtlardan ABŞ 600 million dollar, Germaniýa 510 million dollar, Ýewropa Bileleşigi 1,4 milliard dollar, Angliýa 227 million dollar, Fransiýa 104 million dollar, Kanada bolsa 270 million dollar möçberinde

Owganystana haýyr-sahawat kömegini indiki ýyl etjekdiklerini wada berdi. Bu konferensiýa gatnaşan Türkiýe döwleti bolsa haýyr-sahawat kömegi hökmünde Owganystana iki ýylyň içinde 75 million dollar berjekdigini wada berdi.

«Owganystan – 2020» halkara konferensiýasyna gatnaşan ýurtlar Owganystana berýän  haýyr-sahawat kömeklerini bu ýurduň parahatçylykly ýagdaýda gülläp ösmegi üçin niýetleýändiklerini nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň