Soňky habarlar

Arhiw

“Barselonanyň” ýyldyz goragçysynyň azyndan 5 aý topara kömegi degmez

19:2024.11.2020
0
1281

“Atletiko Madrid” bilen bolan duşuşykda soňky 10 ýylda çempionatda garşydaşyndan ilkinji gezek utulan “Barselonanyň” ýitgisi diňe bir 3 utuk däl. Katalonlar toparyň iň esasy goragçysy Žerar Pikeni hem ýitirdiler. Oýnuň dowamynda bolan çaknyşykda agyr şikes alyp, meýdançany kynlyk bilen terk eden 33 ýaşyndaky Pikeniň azyndan 5–8 aý töweregi toparyna peýdasy degmez. Häzirki wagtda “Barselona” topary tarapyndan oýunçynyň entek operasiýa edilmändigi üçin resmi ýagdaýda anyk maglumat berlenok. Ýöne ispan metbugatynda çykan habarlarda oýunçynyň möwsümiň ahyryna çenli oýnap bilmejekdigi bellenilýär. Resmi maglumatyň oýunçynyň operasiýa edilmeginden soň berilmegine garaşylýar. Ýeri gelende aýtsak, golaýda “Barselonanyň” ýaş ýyldyzy Ansu Fati hem şikes alypdy we onuň 4 aý töweregi wagt oýnap bilmejekdigi habar berlipdi.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň