42 km üznüksiz drift etdi

18:2324.11.2020
0
589

Dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän “Porsche Taycan” modelli ulagynda iň uzak wagtlap drift hereketi ýerine ýetirilip, rekordlar kitabyna girizildi. Ulag bilen üznüksiz ýagdaýda 42 km drift ýerine ýetirildi. Şeýlelikde, ulag Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy. Häzirki wagtda diňe Hytaýda satuwa çykarylan “Taycan RWD” (yzky tigirleri aýlanýar) nusgasy bilen ýerine ýetirilen rekord synagy suwly we taýgak ýerde ýerine ýetirildi. 55 minutlap dowam eden synanyşykda ulagyň ortaça tizliginiň 47 km/sagat bolandygy mälim edildi. Bu hereket diňe ulagyň kuwwatly bolmagyny däl, eýsem pilotyň hem ökdeligini talap edýär. Ulag 0-100 km/sagat tizlige bary-ýogy 2,8 sekuntda ýetýär. Elektrokaryň ýokary tizligi sagatda 412 km-e ýetýär. Adaty “Taycan Turbo” modelleri 0-100 km/sagat tizlige 3,2 sekuntda ýetip, bir gezekki zarýady bilen 450 km ýol geçip bolýar. Iň ýokary tizligi bolsa, 260 km/.  Ulagyň kuwwaty 616 at güýjüne  barabar. Batareýasy 22 minutda 80 göterim dolýan ulagyň “Taycan 4S” hem-de “Turbo S” atly nusgalary hem bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň