Aşgabatda zenanlar üçin täze fitnes klub açylar

16:5724.11.2020
0
22943

Ýakynda Gurtly şäherçesinde diňe zenanlara niýetlenen «Dinamika» fitnes klubynyň açylmagyna garaşylýar.

Häzirki wagtda täze zalda abatlaýyş işleri tamamlaýjy tapgyrda barýar we sport enjamlary oturdylýar.

Klub ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak üçin girizilen çäklendirmeler ýatyrylandan soň dessine açylmagy meýilleşdirilýär.

Döwrebap sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan täze fitnes klubynda müşderilere stasionar tigir sürmek, aerobika, ýoga, bejeriş gimnastikasy, tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda şahsy fitnes ýaly artykmaçlyklar teklip edilýär.

Klubda çagalar üçin hem ýörite bölüm bolar. Bu bolsa eneleriň fitnes bilen aladasyz meşgullanmagyna ýardam berer.

Gurtludaky fitnes zaly ozaldan işläp gelýärdi. Çäklendirmeler ýatyrylandan soňra, ol zenanlar we erkekler üçin aýratyn bölümlerde işini dowam etdirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň