Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda baýramçylyk çäreleri tomaşaçysyz geçiriler

16:3624.11.2020
0
2043

Türkmenistanda ýiti ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, 2020-nji ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere gatnaşýanlaryň sanyny çäklendirmek hakynda çözgüt kabul edildi.

2020-nji ýylyň 12-nji dekabryna meýilleşdirilen sungat ussatlarynyň halkara konserti, ýaş estrada aýdymçylarynyň arasyndaky «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji konserti, Täze ýyl baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Söwda–senagat edarasynda geçirilýän baýramçylyk dabaralary tomaşaçysyz telewizion konsert görnüşinde geçer.

Şeýle hem dünýädäki çylşyrymly epidemiologik ýagdaýy nazara alyp, hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna bagyşlanan we umumy döwlet senenamasynda meýilleşdirilen sport ýaryşlary arassaçylyk-öňüni alyş çäreleriniň berk berjaý edilmeginde tomaşaçysyz geçer.

Belläp geçsek, Türkmenistanda täze görnüşli koronawirus ýokanjy bilen kesellemäniň ýeke ýagdaýynyň hem häzirki wagta çenli ýüze çykarylmandygyna garamazdan, ýurtda keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen agyz-burun örtüklerini dakmaklyk hem-de beýleki birnäçe çäklendirmeler girizildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň