Soňky habarlar

Arhiw

Millarderleriň sanawynda Mask 2-nji orna beýgeldi

16:2224.11.2020
0
1191

Dünýäniň milliarderleri sanawynda 2-nji ornuň eýesi üýtgedi. Elektrikli ulag öndüriji “Tesla”-nyň eýesi Ilon Mask sanawda 2-nji orna beýgeldi. Pul baýlygy 127,9 milliard dollara ýeten Mask 127,7 milliard dollary bolan “Microsoft”-yň esaslandyryjysy Bill Geýtsden öňe saýlandy. Mask şu ýylyň başynda 35-nji orunda barýardy. Ýylyň başyndan bäri girdejisini 100,3 milliard dollar artdyran 49 ýaşly Maskdan öňde “Amazon”-yň eýesi Jeff Bezos bar. 1-nji hatarda barýan Bezosyň 182 milliard dollarlyk pul baýlygy bar.

Biržada diňe düýnki hasabatlara seredeniňde girdejisini 7,2 milliard dollarlyk artdyran Maskyň eýeçiligindäki “Tesla”-nyň gymmaty 500 milliard dollara golaýlap barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň