Soňky habarlar

Arhiw

«YouTube» täze mahabat aýratynlygyny platforma birleşdirmäge taýýarlanýar

13:2424.11.2020
0
1078

Bu aýratynlyk bilen «YouTube»,  ses mahabatlaryny ýaýlyma berer.

Mahabat girdejisini ýokarlandyrmaklyk maksady bilen köp sanly taslamanyň üstünde işleýän «YouTube», «Spotify» ýaly mahabatlary platforma çykarmaklyk üçin täze çözgüt tapdy.

«YouTube» resmi beýanynda ses mahabatlarynyň aýratynlygynyň  tomaşaçylar köpçüligi üçin ýaýradylýandygyny mälim etdi.

Entek beta görnüşinde bolan bu aýratynlyk elýeterli bolanda, «YouTube» ulanyjylary «Spotify»-iň mugt görnüşine meňzeş ses mahabatlaryna duş gelerler. Bu mahabatlar  «podcast»  we wideo ýaýlymlarynda bolar. Ýöne, ses mahabatlarynyň dowamlylygynyň 15 sekunt  bolmazlygyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň