Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropa bileleşiginden Jo Baýdene çakylyk

10:3024.11.2020
0
651
Ýewropa bileleşiginden Jo Baýdene çakylyk

Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişel ABŞ-nyň 46-njy prezidenti saýlanan Jo Baýdeni  Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň  liderleri bilen geçiriljek sammite çagyrdy.

 Mişel özüniň şahsy internet sahypasynda Baýden bilen telefon arkaly habarlaşandygyny habar berdi.  Kuwwatly ABŞ – Ýewropa Bileleşigini täzeden gurmak isleýändiklerini mälim eden Mişel, Baýdeni  indiki ýyl Brýusselde Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň ýolbaşçylary bilen ýörite duşuşyga çagyrandygyny aýtdy.  Şeýle-de, Mişel:  «Indi «COVID-19» ýokanç keseline, howanyň üýtgemegine garşy birleşmegiň wagty geldi.» – diýip belledi. 

Ýewropa Bileleşiginiň iş toparynyň başlygy Ursula Won der Leýen hem Baýden bilen telefonda gürleşdi. Won der Leýen twitterde: «Baýdeni saýlawda ýeňiş gazanmagy bilen gutladym.  Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikde işleýän ABŞ-nyň kuwwatly hyzmatdaşlygynyň netijesinde köptaraplaýynlyga, raýdaşlyga we umumy gymmatlyklara esaslanýan global gün tertibini düzüp boljakdygyny aýtdym. Hut şu nukdaýnazardan hem Jo Baýdeni Ýewropa

Bileleşiginiň geljek ýylda Brýusselde geçiriljek sammitine çagyrdym.»  – diýip teswir ýazdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň