Täze laboratoriýa gurlar

21:4323.11.2020
0
899

2021-nji ýylda Halkara Kosmos Stansiýasynda “Nauka” atly täze laboratoriýa gurlar. Stansiýanyň täze bölegini gurmak üçin russiýaly Sergeý Ryžikow hem-de Sergeý Kud-Swerçkow “Zarýa” motoryndaky anten kabellerini çalyşdy. Bu çylşyrymly işi ýerine ýetirmek üçin kosmonawtlar 7 sagat açyk asmanda boldular. Täze laboratoriýany stansiýa birikdirmek üçin “Pirs” atly köne moduly aýrarlar. Stansiýada “Nauka”-nyň ýerini taýýarlamak üçin ýene-de birnäçe gezek açyk asmana çykyljakdygy mälim edildi. Täze bekediň agramy 22 tonna, uzynlygy 13 metre barabar. Bu iri desgany uçurmak üçin has kuwwatly “Proton” raketasyndan peýdalanylar. Şu aýyň 16-syna kosmos stansiýasyna “Crew Dragon” kosmos gämisi arkaly dört sany astronawt bardy. Olaryň üçüsi amerikan, biri ýaponiýaly. Şeýlelikde, adatça 6 adam bolýan stansiýadaky kosmonawtlaryň sany ýedi boldy. Bu ýerdäki kosmonawt alty aýdan Ýere dolanýarlar.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň