Soňky habarlar

Arhiw

22 oýunda 23 gol geçirip, rekordy täzeledi

19:1623.11.2020
0
996

Germaniýanyň çempionaty “Bundesligada” 8-nji tapgyrda Dortmundyň “Borussiýasy” myhmançylykda Berliniň “Herta” toparyndan 5-2 üstün çykdy. Myhmanlaryň gollarynyň 4-sini 47-nji, 49-njy, 63-nji hem-de 79-njy minutlarda ýaş ýyldyz, norwegiýaly Erling Holland derwezä girizdi. Şol gün “Golden Boy” baýragyny hem alan ýaş futbolçy şu wagta çenli “Bundesligada” oýnan 22 duşuşykda 23 gol geçirip, rekord goýdy. Ozalky rekord 1953-1972-nji ýyllar aralygynda “Hamburgda” oýnan Uwe Zeelere degişlidi. Meşhur futbolçy “Bundesligada” oýnan ilkinji 22 duşuşygynda 20 gezek tapawutlanypdy.

Şeýle-de Erling Holland şu möwsümde çempionatda 10 gol geçirdi we ol häzirki wagtda iň netijeli futbolçylaryň sanawynda Robert Lewandowskiden 1 gol yzda barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň