Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty geçiriler

15:2823.11.2020
0
4603

25 ― 28-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli agyr atletika boýunça ýurduň açyk çempionaty geçiriler. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Agyr atletika Milli federasiýasynyň bilelikde guramagyndaky ýaryşy Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynyň türgenleşik zalynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýaryşyň düzgünnamasyna görä, oňa gatnaşjak türgenler 25-nji noýabrda Aşgabada ýygnanyp, 28-nji noýabrda yzyna gaýdarlar. Ýaryş bolsa 26 ― 27-nji noýabr günlerinde geçiriler.

Milli birinjilige Aşgabat şäherinden we ýurduň welaýatlarynyň her birinden 10 türgen gatnaşar. Olaryň 6-sy erkekler, galan 4-si bolsa zenan türgenler bolar. Şeýlelikde, olar baýraklaryň 10 toplumy üçin göreşer.

Erkek argyr atletikaçylaryň arasyndaky ýaryşlar agram derejeleriniň altysy boýunça geçiriler. Has takygy, olar 61, 67, 73, 81, 96 kilograma çenli we 109 kilogramdan ýokary agram derejelerinde ýurdumyzyň çempiony bolmak üçin göreşerler. Zenan türgenler bolsa 49, 55, 64, 76 kilograma çenli agram derejelerinde ýaryşarlar.

Ýaryşa Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş banky hemaýatkärlik edýär.

Gyzyklanma bildirýän okyjylarymyz üçin ýaryşyňmeýilnamasyny ýerleşdirýäris:

25-nji noýabr

Ýaryşa gatnaşyjylaryň gelmegi;

17:00 ― Ýaryşa gatnaşjak türgenleri hasaba almak;

18:00 ― Ýaryşda eminlik etmek boýunça okuw-maslahaty.

26-njy noýabr

10:30 ― Ýaryşyň açylyş dabarasy;

11:00 ― Birinji tapgyr (zenanlar ― 49, 55 kg.çenli);

14:00 ― Ikinji tapgyr (zenanlar ― 64, 76 k.çenli);

16:00 ― Üçünji tapgyr (erkekler ― 61 kg.çenli);

18:30 ― Dördünji tapgyr (erkekler ― 67 kg.çenli).

27-nji noýabr

11:00 ― Birinji tapgyr (erkekler ― 73 kg.çenli);

14:00 ― Ikinji tapgyr (erkekler ― 81 kg.çenli);

17:00 ― Üçünji tapgyr (erkekler ― 96 kg.çenli).

28-nji noýabr

10:30 ― Birinji tapgyr (erkekler ― 109+ kg.).

12:00 ― Ýaryşyň sylaglanyş dabarasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň