Birleşen Arap Emirliklerinde 22 milliard barrel nebit ýatagy tapyldy

10:3323.11.2020
0
1647

Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýokary Nebit Geňeşi (SPC) Abu-Dabide ätiýaçlyk gory  takmynan 22 milliard barrel  bolan nebit ýatagynyň tapylandygyny habar berdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň resmi agentligi «WAM» tarapyndan berlen beýanda takmynan 22 milliard barrele barabar bolan täze nebit ýatagynyň ätiýaçlyk gorunyň Abu-Dabidäki käbir esasy nebit ýataklaryndan hem has köpdügi mälim edildi. Ýöne, beýanda täze nebit ýatagynyň Abu-Dabiniň haýsy sebitinden tapylandygy barada hiç hili maglumat berilmedi.

Nebit eksport edýän ýurtlar guramasynyň (OPEC) maglumatlaryna görä, Birleşen Arap Emirlikleri nebit gorlary boýunça dünýä ýurtlarynyň arasynda 6-njy ýerde durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň