Soňky habarlar

Arhiw

Angliýanyň premýer-ministri Boris Jonson G-20 liderlerini pandemiýany ýeňmeklik üçin bilelikde işlemäge çagyrdy

10:2823.11.2020
0
365
Angliýanyň premýer-ministri Boris Jonson G-20 liderlerini pandemiýany ýeňmeklik üçin bilelikde işlemäge çagyrdy

Angliýanyň premýer-ministri Boris Jonson G-20 liderler sammitinde eden çykyşynda bu guramanyň agza ýurtlaryny bilelikde işlemäge hem-de howanyň üýtgemegine we «COVID-19» pandemiýasyna garşy göreşmeklik üçin has uly ädim ätmäge çagyrdy.

Jonson Saud Arabystany tarapyndan gurnalan bu onlaýn sammitde liderlere ýüzlenip, epidemiýa sebäpli görlüp-eşidilmedik bir ýylyň başdan geçirilendigini belledi we  «Diňe tagallalarymyzy birikdirip, bilelikde işlesek, koronawirusy ýeňip bileris we bu krizisden has gowy çykyp bileris.»  – diýdi.

Soňky hepdelerde sanjym işinde höweslendiriji ösüşleriň bolandygyny bellän Jonson: «Angliýa mümkin boldugyndan sanjymyň dünýäde hemmeler üçin elýeterli boljakdygyny wada berdi. G-20 ýurtlarynyň bu tagallany tutuşlygyna goldaýandygyny görmeklik isleýärin.» – diýdi.

Jonson dynç günleri «Ýaşyl senagat rewolýusiýasy» üçin 10 punktly meýilnamany yglan edendigini bellemeklik bilen, dünýäniň öňdebaryjy ykdysadyýetli ýurtlary-da howanyň üýtgemeginiň öňüni almaklyk üçin has uly ädimler ätse, bu ugurda meýilleşdirilen maksada ýetmekligiň mümkindigini aýtdy.

Geljek aý klimat sammitiniň geçiriljekdigine ünsi çeken Jonson, G-20 ýurtlarynyň ýolbaşçylaryny epidemiýany ýeňip geçmeklik we dünýäni goramaklyk üçin ägirt uly borçnamalary ýerine ýetirmäge hem-de umumy mümkinçilikleri we serişdeleri ulanmaga çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň