Soňky habarlar

Arhiw

Ýük daşamaga niýetlenen täsin welosiped

10:1623.11.2020
0
1362

Elektrik energiýasy bilen işleýän welosipedlere isleg barha ýokarlanýar. Şeýle bolansoň kompaniýalar dürli maksatlar bilen üýtgeşik welosipedleri işläp taýýarlaýarlar. “Bunch Coupe” atly şereket öň tarapynda ýük daşamaga niýetlenen sebedi bolan üç tigirli welosipedi işläp taýýarlady. Bu sebedi ýükden başga-da, çagalary ýa-da öý haýwanlaryny mündürmek üçin hem peýdalanyp bolýar. Welosipedde 720 W/sagat batareýa oturdylypdyr. Bir gezekki zarýady bilen 120 km ýol geçýän ulag owadanlygy bilen hem tapawutlanýar. Tigriň zynjyrlarynyň daşy hem goragly. Ulagyň batareýasynda näçeräk toguň galandygyny, ýene-de näçe km ýol geçip boljakdygy baradaky maglumaty onuň öňündäki ekrandan görüp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň