Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Owganystan serhetüsti derýalardan ylalaşykly peýdalanmagy maslahatlaşýar

09:3123.11.2020
0
4326
Türkmenistan we Owganystan serhetüsti derýalardan ylalaşykly peýdalanmagy maslahatlaşýar

Suw hojalygy baradaky döwlet komitetinde onlaýn maslahat görnüşinde Türkmenistanyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky Suw hojalyk meseleleri boýunça utgaşdyryjy toparyň dördünji mejlisi geçirildi.

Duşuşyga türkmen tarapyndan döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň hem-de Döwlet serhet gullugynyň wekilleri gatnaşdylar. Owgan tarapyndan suw serişdeleri ministriniň tehniki meseleler hem-de suwy kadalaşdyrmak boýunça orunbasary Waýs Ahmad Baseri gatnaşdy.

Mejlisiň dowamynda gün tertibine laýyklykda, Amyderýa hem-de Murgap we Tejen derýalarynyň suwlaryny ylalaşykly peýdalanmak boýunça iki ýurduň degişli edaralarynyň özara gatnaşyklary baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu meseläniň zerurlygy Merkezi Aziýada oba hojalygy we senagat üçin, elektrik energiýasyny öndürmek, ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek üçin ulanylýan suw serişdeleriniň esasy çeşmeleriniň derýalar bolup durýandygy bilen baglydyr. Olar serhetüsti geçýän Amyderýa, Murgap, Tejen, Sumbar, Etrek derýalarydyr.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda halkara hukugynyň düzgünlerine laýyklykda hem-de taraplaryň bähbitleriniň özara nazara alynmagynyň esasynda serhetüsti suw serişdelerini bilelikde peýdalanmak babatda hyzmatdaşlygy has-da berkitmek we ösdürmek barada aýtdylar.

Mejlisiň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.

Suw diplomatiýasy döwlet Baştutanynyň daşary syýasatynyň ähmiýetli ugrudyr. Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň hem-de beýleki iri maslahatlaryň belent münberinden beýan eden halkara başlangyçlary bu meseläniň ähli ugurlary boýunça sebit we sebitara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Hususan-da, şol meseleler serhetüsti suw serişdelerini toplumlaýyn we sazlaşykly peýdalanmagyň özara kabul ederlikli usulyny işläp taýýarlamak bilen baglydyr. Milli Lideriň belleýşi ýaly, olar halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň we ýörelgeleriniň esasynda, sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almak bilen çözülmelidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň