TÝL ― 2020, 26-njy tapgyr: «Aşgabatdan» utulan «Nebitçi» ilkinji bäşlige girmek mümkinçiligini ýitirdi

21:2621.11.2020
0
4222

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 26-njy tapgyrynyň çäginde Balkanabat şäherinde geçirilen duşuşykda «Aşgabat» ýerli «Nebitçini» 3:2 hasabynda ýeňdi. 

Paýtagtyň adybir topary 43-nji minutda Nazar Towakelowyň, 70-nji minutda Şatlyk Gurbanowyň geçiren pökgüleri bilen öňe saýlandy. «Nebitçi» 75-nji minutda Alibek Abdyrahmanowyň goly bilen hasaby ýygyrsa-da, 87-nji minutda Nazar Towakelow eminiň bellän 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanyp, toparynyň üçünji pökgüsini hem geçirdi. Goşmaça wagtyň 3-nji minutynda Azat Garajaýew 11 metrlik jerime urgusyndan hasaby ýygyrsa-da, bu gol «Nebitçini» öz meýdanyndaky utulyşdan halas edip bilmedi.

Bu ýeňişden soňra bäşinji orundaky «Aşgabat» utugyny 33-e çykardy. «Nebitçi» bolsa 23 utuk bilen ýedinji basgançakda galdy. Netije «Nebitçiniň» ilkinji bäş orun üçin göreşmäge mümkinçiliginiň galmandygyny görkezýär.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynyň 27-nji tapgyrynyň duşuşyklary 25-nji noýabrda geçiriler. Şol gün «Aşgabat» «Altyn asyry», «Merw» «Nebitçini», «Köpetdag» «Şagadamy», «Energetik» «Ahaly» kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň