Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020, 26-njy tapgyr: «Köpetdag» «Ahaldan» üstün çykdy

21:2521.11.2020
0
3114

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 26-njy tapgyrynyň merkezi duşuşygynda «Köpetdag» «Ahaly» 2:1 hasabynda ýeňdi.

Duşuşygyň 16-njy minudynda Myrat Ýagşyýew «Ahaly» öňe çykaran hem bolsa, topar bu üstünligini gorap bilmedi. 57-nji minutda Yhlas Saparmämmedowyň, 79-njy minutda Şiri Annaýewiň (11 m.j.u.) geçiren pökgüleri «Köpetdaga» ýeňiş getirdi.

52 utukly «Ahal» çempionatda ikinji orny eýýäm eýeledi. «Köpetdag» bolsa 40 utuk bilen dördünji basgançakda barýar.

Toparlaryň ikisi hem 27-nji tapgyrdaky duşuşygyny 25-nji noýabrda geçirer. Şol gün «Ahal» «Energetik», «Köpetdag» «Şagadam» bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň