Arhiw

“Ak Tam Bazarynda” sargyt etmek indi has aňsatlaşdy

12:3721.11.2020
0
5735

Taslama topary, “Ak Tam Bazary” onlaýn söwda platformasynda sargyt etmegiň aňsatlaşandygyny aýdýar.

Mundan ozal, harytlary ýa-da hyzmatlary sargyt etmek üçin birnäçe şahsy maglumatlar talap edilýärdi. “Ak Tam Bazary” gereksiz resmi kagyzlary aradan aýyrmak bilen  “sargyt” funksiýasyny ýönekeýleşdirdi.

Mundan başga-da, müşderilere belli bir amal üçin hereketleriň beýany berildi, ýagny: baş sahypanyň aşagynda okuw tekstleri, seslenme, aragatnaşyk maglumatlary bolan ýörite sütünler bar.

“Ak Tam Bazary” topary bilen şu salgy arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

Mundan ozal, “Ak Tam Bazary” web sahypasynda hasaba alynmagyň aňsatlaşdyrlanlygy barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň