Soňky habarlar

Arhiw

ŞHG-niň indiki sammiti 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Duşanbe şäherinde geçiriler

10:5921.11.2020
0
1377

Baş sekretar Wladimir Norow, ŞHG-niň Döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinden soň geçirilen metbugat ýygnagynda ŞHG-niň 20-nji sammitiniň Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 75 ýyllygy bilen BMG-niň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli bolup geçendigini we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşant goşandygyny aýtdy.

Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly ýüze çykan kynçylyklara garamazdan, ŞHG täze hakykatlara tiz uýgunlaşdy. Baş sekretar, ŞHG-niň mundan beýläk-de ösdürilmegi hem-de sebit we halkara meselelerini çözmeklik boýunça garaýyşlary görkezýän esasy jemleýji resminama bolan «Moskwa Jarnamasy» barada jikme-jik gürledi.

Wladimir Norow diňleýjileri ŞHG-niň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge we pandemiýanyň sosial-ykdysady netijelerini ýeňip geçmäge gönükdirilen her bir tarapyň anyk teklipleri bilen tanyşdyrdy we ŞHG sekretariatynyň Jarnamadaky amallary iş ýüzünde durmuşa geçirmeklik üçin degişli işleri alyp barjakdygyny aýtdy. Mundan başga-da, Wladimir Norow, Sammitiň netijesinde tassyklanan «ŞHG-niň Ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmek üçin 2021-2025-nji ýyllar üçin hereket meýilnamasyna» we ýakyn ýyllarda tutuş sebitde 150 töweregi amaly çäräniň geçirilmegini göz öňünde tutýan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň «ýol kartasyna» baha berdi.

ŞHG-niň indiki sammitine başlyklyk etmeklik wezipesiniň eýýäm Täjigistan tarapyna geçendigi sebäpli Baş sekretar, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon tarapyndan kesgitlenen we geljekki döwür üçin bilelikdäki işiň esasy ugurlary barada pikir alyşdy we 2021-nji ýylyň 16-17-nji sentýabrynda Duşanbe şäherinde geçiriljek ŞHG sammitini yglan etdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň