Türkmenistanyň we Ukrainanyň oba hojalyk uniwersitetleriniň arasynda tegelek stol geçirildi

10:5821.11.2020
0
4347

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäklerinde “Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy hem-de ylymda we bilimde gazanylan üstünlikler” atly wideokonferensiýa görnüşinde tegelek stol geçirildi.

Çärä S.A.Niýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de P.Wasilenko adyndaky Harkow milli tehniki oba hojalyk uniwersitetiniň ýolbaşçylary hem-de professor-mugallymlary gatnaşdylar.

Tegelek stola gatnaşyjylar oňyn bitaraplyk konsepsiýasynyň ýurtda parahatçylygy we durnuklylygy saklamakda, dostlukly gatnaşyklaryň hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny bellediler.

"Bitaraplyk ýyllarynda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiliginiň diňe milli bähbitlere däl-de, eýsem global derejede durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün etmegiň uzak möhletleýin maksatlaryna laýyk gelýär" – diýip, çykyş edenler nygtadylar.

Taraplar ylym we bilim ulgamynda birnäçe meseleler boýunça pikir alyşdylar hem-de bu çäräniň bu ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine, şonuň ýaly-da ähli ugurlar babatynda giňeldilmegine itergi berýändigini bellediler.

Çäräniň ahyrynda uniwersitetleriň ýolbaşçylary we mugallymlar düzümi netijeli işler üçin minnetdarlyklaryny beýan etgmek bilen, özarabähbitli hyzmatdaşlygyň dowam edilmegine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň