Soňky habarlar

Arhiw

GDA döwletlerinde zähmet standartlary boýunça halkara wideo konferensiýa 2020-nji ýylyň 24-nji noýabrynda geçirilýär

10:2921.11.2020
0
949

2020-nji ýylyň 24-nji noýabrynda GDA agza ýurtlarynyň Zähmet standartlary boýunça «Gurama we zähmet standartlary 2020: Teklipler, amaly tejribe» atly 3-nji halkara konferensiýasy Moskwada onlaýn formatda geçiriler. Çärä, «Microsoft Teems» onlaýn wideo konferensiýa platformasy arkaly sagat 10:00-da başlar.

Maslahatyň guramaçylary bolup Russiýanyň Zähmet ministrligi bilen Bütin Russiýa Zähmet Instituty çykyş edýär.

«Gurama we zähmet standartlary 2020: Teklipler, amaly tejribe» atly 3-nji halkara konferensiýasynyň maksady zähmeti guramaklyk we düzgünleşdirmeklik, usulyýet we tejribe, şeýle hem bu ugurdaky hünärmenleri taýýarlamaklyk, gaýtadan taýýarlamaklyk we kämilleşdirmeklik boýunça tejribe alyşmaklykdyr.

Maslahata gatnaşyjylar Arkalaşygyň ýurtlarynda zähmet standartlaryny guramaklyk, zähmet kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmeklik, GDA-da milli hünär ulgamyny ösdürmeklik ýaly ugurlarda kär derejesini döretmeklik meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

«Gurama we zähmet standartlary 2020: Teklipler, amaly tejribe» atly 3-nji halkara konferensiýasyna döwlet edaralarynyň, Halkara Zähmet Guramasynyň, Russiýanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşiginiň, Söwda-senagat palatasynyň, Russiýanyň garaşsyz kärdeşler arkalaşyklary federasiýasynyň wekilleri, şeýle hem zähmet guramalary we düzgünleşdiriş pudagyndaky hünärmenler, Russiýadan, Azerbaýjandan, Belarussiýadan, Gazagystandan, Türkmenistandan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan iş berijiler we jemgyýetçilik hyzmatdaşlary çagyrylýar. 

Çärä:

1. «Korporatiw pudakda zähmet paýlanyşynyň tejribeleri»
2. «Döwlet sektorynda zähmet paýlanyşynyň iň oňat tejribesi»
3. «Ýaş hünärmenleri taýýarlamak» – atly üç bölüm we umumy mejlis   görnüşinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň