Soňky habarlar

Arhiw

Ekranasty kameraly «Samsung Galaxy Z Fold 3» smartfonynyň geljek ýylyň üçünji çärýeginde hödürlenjekdigi mälim edildi

10:2421.11.2020
0
1087

Günorta Koreýada ýerleşýän «Samsung» şereketiniň täze nesil eplenýän  «Galaxy Z Fold 3»  smartfonynyň ekranasty kamera bilen geljekdigi mälim edildi. «ETNews»-iň habaryna görä, «Galaxy Z Fold 3» telefony «Samsung»  kompaniýasynyň ekranasty kamera tehnologiýasyny ulanan ilkinji smartfony bolar.

Düýbi Koreýada ýerleşýän «ETNews» resmi habarlar saýtynyň berýän habaryna görä, geljek ýylyň üçünji çärýeginde çykjak «Galaxy Z Fold 3» eplenýän  smartfony, ekranasty kamera dizaýnyny ulanyp, 100 göterime golaý kämil ekran tejribesini ulanyjylara hödürlär.

Ekranasty kameraly smartfonlar öňem hödürlenipdi, ýöne ol telefonlaryň ekranasty kameralary kämil derejede däldi, surata gowy alyp bilmeýärdi. Bu meseläni çözmeklik üçin, «Samsung» şereketi kamera sensoryndaky pikselleri ulaldýan, has köp ýagtylygyň geçmegine mümkinçilik berýän ýörite ekran dizaýnyny ulanar we şeýlelik bilen ekranasty kameralarynyň kämil derejede has gowy surata düşürmegine mümkinçilik döreder.

Habarlara görä, «Samsung» kompaniýasy ekranasty  kamera sazlamasynyň çykyşyny we adaty ekran dizaýnyny gowulandyrmaklyk üçin şekili düzetmek algoritminiň üstünde işleýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, «Galaxy Z Fold 3» smartfonyň ekranasty kameraly ilkinji «Samsung» enjamy boljakdygy aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň