Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda öňde duran baýramçylyklar mynasybetli içerki bazaryň üpjünçiligini artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar

23:4220.11.2020
0
4614

19-njy noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow döwlet Baştutanyna Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda hem-de Täze ýyl baýramyny garşylamak bilen bagly içerki bazaryň üpjünçiligini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň haryt öndürijileri hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde söwda ulgamyny azyk hem-de beýleki zerur önümler bilen doly üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda çagalar we uly ýaşlylar üçin sowgatlyk önümleriň öndürilmegi ýola goýuldy. Şunuň bilen bir hatarda, Täze ýyl arçalary getirilýär, däp bolan sowgatlyk önümleri taýýarlanylýar. Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda göçme söwdany guramak göz öňünde tutulýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda toplumynyň möhüm wezipelerine ünsi çekip, wise-premýere ýurdumyzyň bazarlarynda haryt bolçulygyny ýokary derejede üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutany bular barada aýtmak bilen, söwda ulgamynyň kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, dürli harytlara islegleri öwrenmegiň, ilata edilýän hyzmatyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belledi.

Milletiň Lideri wise-premýer Ç.Gylyjowa, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine bu babatda ilatyň üpjünçiligini artdyrmagy, söwda nokatlarynyň işini talabalaýyk ýola goýmagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň