Soňky habarlar

Arhiw

“Tom we Jerri” filmi 2021-nji ýylda kinoteatrlarda görkeziler

19:2420.11.2020
0
1573

Multfilm dünýäsiniň iň eý görülýän gahrymanlaryndan bolan Tom we Jerriniň başdan geçirmesi geljek ýyl janly film görnşinde tomaşaçylaryň dykgatyna ýetiriler. Uly-kiçi hemmäniň uly gyzyklanma bilen tomaşa edýän animasiýasynyň film görnüşine Tim Stori režissýorlyk edýär. Filmde Hloe Greýsi Morets, Maýkl Penýa, Rob Delaneý, Ken Žeon, Kolin Žost ýaly artistler dürli keşpleri ýerine ýetirýär. “Warner Bros.” kompaniýasynyň hemaýatkärligindäki filmi geljek ýylyň 5-nji martyndan başlap prokatlara ýaýratmak göz öňünde tutulýar.

80 ýyla golaý taryhy bolan “Tom we Jerri” multfilmlerinde hemişe Tom atly pişik bilen Jerri atly syçan kowalaşyp geçýär. Aglaba Jerri ýeňiş gazansa-da, kämahallar ýeňiş Tomuň tarapynda bolýar. Dürli ýyllarda film görnüşinde ekranlara çykan animasiýanyň janly film görnüşiniň görkezilmänine köp wagt geçdi. Kewin Kostellonyň ssenarisini ýazan täze filmindäki wakalar Nýu Ýorkdaky lýuks myhmanhanalaryň birinde bolup geçýär. Asyryň toýy diýilýän çäräniň öňüsyrasynda myhmanhananyň ýolbaşçylary Jerriden dynmak üçin Tomy getirýärler. Olaryň gapma-garşylygy ýene-de gülküli birnäçe wakany özünde jemleýär.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň