Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy taýýarlanylýar

23:3419.11.2020
0
15596

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 19-njy noýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer M.Geldinyýazow «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» işlenip taýýarlanylmagy babatda alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. Şol taslama ýaş nesle ýokary hilli bilim bermek we hünär öwretmek, häzirki zaman tehnologiýalaryna, sanly bilime, öňdebaryjy tejribä daýanyp, bilim ulgamyny innowasion taýdan ösdürmek, ylymly-bilimli, giň gözýetimli, sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we hemmetaraplaýyn goldamak barada milletiň Lideriniň öňde goýýan möhüm wezipelerinden ugur alnyp taýýarlanyldy ― diýip, Döwlet habarlar agentligi ýazýar.

Bu Konsepsiýanyň esasy maksady sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň mazmunyny baýlaşdyrmak we usulyýetini döwrebaplaşdyrmak arkaly bilim we terbiýe bermegiň hilini has-da ýokarlandyrmak we halkara ülňülere laýyk getirmek bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, ýaşlaryň mekdepde okaýan döwründe özlerine hünär saýlap almagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer milletiň Lideriniň garamagyna “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” taslamasyny hem-de ony amala aşyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny hödürledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilim ulgamynda pedagogika ylmy tarapyndan işlenip taýýarlanylan okuwyň innowasion usullaryny, häzirki zaman bilim maksatnamalaryny hem-de okuw materiallaryny peýdalanmagyň möhümdigini belledi. Şunda daşary ýurtlaryň abraýly ylym-bilim merkezleriniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek, olar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Milli Liderimiz döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça has degerli çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ösüp gelýän nesle bilim bermek we terbiýelemek bilen bir hatarda, okuwçylaryň we talyplaryň arasynda has zehinli ýaşlary ýüze çykarmak meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy. Diňe şeýle ýagdaýda, gyzlaryň we oglanlaryň isleglerine laýyklykda, olary dürli hünärlere gönükdirmek bilen, biz öz işinden oňat baş çykarýan ýaş zehinleri ýetişdirip bileris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni jemledi.

Bu wezipeleriň çözgüdi degişli Konsepsiýalaryň, şol sanda işlenip taýýarlanylan “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” zerurlygyny talap edýär diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň