Gurban Berdiýew: «Türkmenistanda futbol ösüşde»

22:2319.11.2020
0
11455

Türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýew ýurtda futbolyň ösdürilişine ýokary bahar berdi. Hatda ol sport desgalaryny gurmakda Russiýanyň Türkmenistandan görelde almalydygyny aýtdy.

«Türkmenistanyň Prezidenti sport, şol sanda futbol bilen ýakyndan gyzyklanýar. Içeri işler ministrliginiň üsti bilen tutuş ýurtda futbolyň kämil ösüşiniň başyny başladyk. Welaýatlarda dürli ýaş aralyklaryndaky toparlar döredildi. Özleri hem mugt, ata-eneler hiç hili töleg tölemez. Häzir olar hereket edýär. Bu bolsa ýurtda geljekde futbolyň has rowaçlanmagyna ýardam eder» diýip, ol belli kommentator Gennadiý Orlowa beren interwýusynda aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň