Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy bütindünýä sanawynda 69-njy orunda

19:3419.11.2020
0
7377

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy bütindünýä sanawynda 69-njy orny orny eýeleýär. Bu barada «Futsal World Rankingiň» täzelenen sanawynda görkezildi.

Sanawda milli ýygyndymyza 872 utuk berildi. Bizden bir basgançak ýokarda Iordaniýanyň, bir basgançak aşakda bolsa Norwegiýanyň ýygyndylary bar.

Sanawyň ilkinji onlugyny Ispaniýanyň, Braziliýanyň, Argentinanyň, Russiýanyň, Portugaliýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Italiýanyň, Paragwaýyň we Horwatiýanyň ýygyndylary düzýär. Türkmenistanyň ýygyndysy Aziýa ýygyndylarynyň arasynda 15-nji orny eýeleýär. Umuman, yklym sanawynyň ilkinji dörtlüginde Eýran, Ýaponiýa, Tailand we Özbegistan bar.

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň 2021-nji ýylyň 23-nji marty ― 3-nji apreli aralygynda Kuweýtde geçiriljek Aziýa çempionatyna gatnaşjakdygyny ýatladýarys. «A» toparçada ýaryşjak türkmen futzalçylarynyň garşydaşlary Wýetnamyň, Täjigistanyň we Omanyň ýygyndylary bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň