Soňky habarlar

Arhiw

Zenanlar üçin “akylly” sagat – “Hybrid Smartwatch HR Mini”

18:5619.11.2020
0
1777

“Akylly” goşar sagatlaryny öndürýän “Fossil” kompaniýasy aýal-gyzlar üçin ýörite sagat taýýarlady. “Hybrid Smartwatch HR Mini” atly sagat owadanlygy we dürli reňkli baglary bilen tapawutlanýar. Ekranynyň ululygy 38 mm bolan sagadyň 5 reňkli görnüşi bar. Sagat ýöremek, ylgamak, uklamak ýaly gündelik hereketleriňi, ýürek urşuňy yzarlaýar. Şeýle hem howanyň ýagdaýyny we ýerine ýetiren maşklaryň baradaky maglumatlary hem görkezýär.

3 atmosfera çenli suwa çydamly bolan sagada gysga wagtda zarýad berip bolýar. poslamaýan polatdan ýasalan gabarasy bolan sagat “Android 5.0” we “iOS 12” we ondan ýokardaky amaly ulgamyndaky telefonlar bilen sazlaşykly işleýär. Sagadyň bahasynyň 195 dollar boljakdygy mälim edildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň