Soňky habarlar

Arhiw

Iň arzan 5G telefony tanyşdyryldy

18:4719.11.2020
0
2894

“Realme” kompaniýasy “Hemmeler üçin 5G” şygary bilen “Realme 7 5G” atly telefony tanyşdyrdy. Deşikli ekrany we insiz çarçuwasy bolan smartfon daşky dizaýny babatda premium derejeli bolmagy bilen tapawutlanýar. 6,5 dýuým ululygynda “Full HD+” durulygynda LCD ekrany bolan telefonyň 6 ýa-da 8 GB RAM-ly we 128 GB içki ýady bar. Telefonyň yzky  tarapynda dört sany kamera bolup, 48 MP esasy, 8 MP ultra giň, 2 MP monokrom we 2 MP makro sensor bar. Selfi kamerasy bolsa, 16 MP durulygynda surata alýar. Bu telefonyň iň esasy aýratynlyklarynyň biri bolsa, iki sany 5G SIM dakyp bolýandygydyr. Telefonyň batareýasy kuwwaty 5 000 mA/sagada deň. Telefonyň bahasy 229 funt sterling bolar. “Amazon” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde telefon gysga wagtlygynda 50 funt sterling arzan satylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň