Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan “G-Global. ХХI asyryň dünýäsi” atly halkara onlaýn-kongresine gatnaşýar

14:4619.11.2020
0
6307

Türkmenistanyň wekilleri şu günler geçirilýän “G-Global. ХХI asyryň dünýäsi” atly halkara onlaýn-kongresine gatnaşýar. Bu çäre BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy, BMG-niň Ykdysadyýet we durmuş geňeşi, “Madrid kluby” Liderleriň bütindünýä alýansy, BBС World News we beýleki guramalar tarapyndan guraldy ― diýip, TDH habar berýär.

Forumyň işine halkara maliýe guramalaryň we iri işewürligiň ýolbaşçylary, bilermenler we dünýä derejesindäki hünärmenler, Nobel baýragynyň eýeleri, ozalky döwlet we hökümet ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.

Duşuşygyň esasy maksady ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň we söwda, maliýe ösüşiniň, bilimleriň we innowasiýalaryň halkara merkezleri hökmünde şäherleriň mümkinçiliklerini artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Garaşylyşy ýaly, onuň jemleri boýunça häzirki döwriň täze wehimlerine garşy durmak boýunça belli bilermenleriň maslahatlary hödürleniler.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäde parahatçylygyň we özara düşünişmegiň berkidilmegine, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň geljekde hem giňeldilmegine we çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilen möhüm başlangyçlary kongrese gatnaşyjylar üçin aýratyn ähmiýetlidir.

Şu ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy agza döwletleriň 73-niň awtordaşlygynda ýurdumyzyň 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky öňe süren Rezolýusiýasyny biragyzdan kabul etdi, bu resminamada türkmen döwletiniň yzygiderli alyp barýan öňüni alyş diplomatiýasynyň uly ähmiýeti berkidilendir.

Şeýlelikde, ýurdumyz halkara durmuşyna işjeň gatnaşmak bilen, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgütleriniň tapylmagynda işjeň ornuny we öňdengörüjilikli çemeleşmäni görkezýär, bu meseleleriň çözülmegi adamzadyň geljegine gönüden-göni täsirini ýetirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň