Soňky habarlar

Arhiw

Serdarly halyçylar önümçiik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

13:2219.11.2020
0
3486

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary ýylyň başyndan bäri umumy meýdany 2 müň 977 inedördül metre barabar dürli ölçegdäki haly önümlerini dokadylar. Üstümizdäki ýylyň on aýynda kärhanada pul hasabynda bitirilen işleriň möçberi bolsa 2 million 295 müň manatlyga golaýlady.

Şunluk bilen bu kärhanada on aýyň iş meýilnamasy artygy bilen, degişlilikde, 156,7 we 192 göterim derejelerde ýerine ýetirildi.

Serdar çeper halyçylyk kärhanasy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň halyçylyk pudagynyň iň bir gadymy kärhanalarynyň biridir. Bu kärhananyň halyçylary äpet we haýran galdyryjy halylary dokaýanlygy bilen dünýä bellidirler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň