Argentina 2021-nji ýylyň başynda Russiýanyň Sputnik V sanjymyny alar

12:2319.11.2020
0
1246

Argentinanyň Prezidentiniň metbugat gullugy tarapyndan berlen beýanda ýurtda köpçülikleýin sanjymyň ýanwar-fewral aýlarynda Russiýanyň «Sputnik V» sanjymy bilen başlap biljekdigi we bu mesele boýunça Russiýa bilen aragatnaşyklaryň dowam edýändigi aýdyldy.

Prezident Alberto Fernandez öz beýanynda: «Ýanwar we fewral aýlarynda köpçülikleýin sanjymlary başlamaklyk üçin Russiýa bilen aragatnaşyk saklaýarys.»  – diýdi we Argentinanyň dekabr-ýanwar aýlarynda 25 million dozada rus sanjymyny almaklygy meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň