Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda medeniýet we hyzmat edaralarynyň işine çäklendirmeleriň möhleti uzaldyldy

23:4818.11.2020
0
1419

Ýiti öýken sowuklama keselini döredijileriň ýurdumyza getirilmeginiň we ýaýradylmagynyň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanda medeniýet we hojalyk hyzmat kärhanalarynyň işine çäklendirmeleriň möhleti 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli uzaldyldy.

Şuňa laýyklykda, kinoteatrlaryň, teatrlaryň, oýun attraksionlarynyň, muzeýleriň, gözellik salonlarynyň, hammamlaryň we sport desgalarynyň (suwda ýüzülýän howuzlaryň, fitnes we aerobika klublarynyň) işi çäklendirilýär. Çäklendirmeler şeýle hem eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, gysga möhletli tölegli okuwlara we oýun merkezlerine hem degişlidir.

Mundan öň, bu edaralaryň we kärhanalaryň işine çäklendirmeler 15-nji noýabra çenli diýlip bellenilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň